Arhiw

Türkmen wekiliýeti «AADHG + MA» Strategik dialogyň Ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy

16:5315.04.2024
0
14489

Şu gün wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystany Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar «AADHG – Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ýaly ugurlarda özara bähbitli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini, şeýle hem «2023 — 2027-nji ýyllarda strategik kommunikasiýa we hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň» durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň çäklerinde häzirki zaman halkara we sebit meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýylda Özbegistanda geçiriljek «AADHG – Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda türkmen tarapynyň çykyşynda ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Strategik dialogyň agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça häzirki zaman meseleleri we başlangyçlar beýan edildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Daşkentde Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň