Dinozawrlaryň keşbindäki egin-eşikli üýşmeleňi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler

13:5601.05.2024
0
9165
Dinozawrlaryň keşbindäki egin-eşikli üýşmeleňi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler
Surat: mir24.tv

Kanadanyň Dranheller şäherjiginiň ýaşaýjylary dinozawrlaryň eşigini geýnip, köpçülikleýin dabara guradylar, olar Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isleýärler diýip, TASS habarlar gullugy habar berdi.

Geçen dynç alyş günleri «dinozawrlar» şäherjigiň köçelerini doldurdylar. Olary sanamak üçin üç müň sany ýörite bilezik gowşuryldy. Dabara Kanadanyň we ABŞ-nyň beýleki şäherlerinden hem adamlar gatnaşdylar diýip, «Calgary

Herald» neşiri ýazýar. Öňki rekord 2019-njy ýylda Los-Anjelesde hasaba alyndy, oňa 252 adam gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň