Türkmenistan we Özbegistan suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

06:5101.05.2024
0
9790

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýandyklary bellenildi.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtap, oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmakda tagallalaryň birleşdirilmegi türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga şert döreder.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň