«Nokia» 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy

12:0501.05.2024
0
9039
«Nokia» 25 ýyl mundan öňi düwmeli el telefonyny täzeden öndürmäge başlamakçy
Surat: gazeta.ru

«Nokia» brendi astynda elektronika önümlerini öndürmäge ygtyýarly «HMD Global» kompaniýasy meşhur düwmeli Nokia 3210 el telefonynyň önümçiligine täzeden başlamakçydygyny habar berdi. Bu barada «GSMArena» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Nokia 3210 asyl nusgadaky el telefony 1999-njy ýylda öndürildi. Ol içki antennaly ilkinji köpçülikleýin ykjam telefon boldy.

Täze Nokia 3210 (2024) enjamynyň asyl nusga meňzemeýändigi belli boldy. Ol retro-nusga bilen häzirki zaman dizaýnyny özünde jemleýär. Şol bir wagtda onda nusgawy «Ýylanjyk» oýny hem bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň