Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 2 million manatdan gowrak önüm öndürildi

12:0301.05.2024
0
7757

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri 2024-nji ýylyň dört aýlyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek ugrunda netijeli zähmet çekdiler. Kärhanada ýylyň birinji çärýeginde 2 million 50 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy geljegi uly bolan, ylaýta-da, lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge barabardyr.

Häzirki wagtda bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan dürli önümleriň 15 görnüşi öndürilýär. Munuň üçin kärhanada önümçilik bölümleriniň dördüsi hereket edýär. Agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýokary hilli önümler taýýarlanylýar. Çig mal hökmünde, esasan, öz ýurtda öndürilen pagta ulanylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň