Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy dürli ölçeglerdäki ýüplükleri düwünsiz we ýokary hil derejesinde öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli nah ýüplükler diňe bir içerki bazaryň däl, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlary bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda toplumda 1 müň 500 tonna ýüplük öndürilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şeýle hem bu görkeziji, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, şu islegli önümiň 20 tonnasynyň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.
Kärhanada geçen dört aýda sarp edijilere iberilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 23 million manatlyga golaýlamagy aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,5 million manatlyk köpdür. Deňeşdirilýän döwürde kärhana boýunça 560 tonnadan gowrak ýüplügiň içerki we daşarky bazarlarda artyk ýerleşdirilendigini bellemek gerek.