Top.Mail.Ru

Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamasyny doly berjaý etdi

10:1111.11.2024
0
17208

Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, munuň özi Gahryman Arkadagyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentiň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ýurduň günbatar sebitiniň edermen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyrýan Hasyl toýuna mynasyp sowgat boldy diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň