Tomus pasly hem ýetip geldi! Bu günler egin-eşik tekjäňizi täzelemegiň, ony moda trendlerine kybap gelýän geýimler bilen üpjün etmegiň tüýs wagty. Bu makalamyzda nobatdaky möwsümde esasy üns bermeli moda trendleri dogrusynda gürrüň berýäris.
Goýy gyzyl äheňleri. 2024-nji ýylda brendler açyk gyrmyzy reňk öwüşginlerinden daşlaşyp, has ümsüm, dymyk goňras gyzyl reňke geçmek kararyna geldiler.
«Hermes», «Rick Owens», «Valentino» we «Giambattista Valli» ýaly brendler öz kolleksiýalaryndaky köýnekleri, üstki geýimleri hem-de esbaplary edil şu reňk äheňinde hödürlediler.
Deriden kemer amaly aksessuardan daşky keşbiň esasy ähmiýet berilýän gözelligine öwrüldi.
Şeýlelik bilen, «Saint Laurent» brendi kemeriň ýeňil geýimleri we kombinzonlary näderejede özgerdip biljekdigini görkezdi. Garşylykly reňkli aksessuar daş keşbiňize grafiki we dinamiki özboluşlylygy goşar.
Açyk garyn. Täze möwsüm diňe bir krop eşikleriniň trendini däl-de, eýsem has özboluşlu usuly — düwmeleri açyp goýmak stilini teklip edýär. Moda hünärmenleri köýnekleriň, kostýum geýimleriniň we ş.m. birnäçe düwmesini açmagy maslahat berýärler.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda kostýumlar aýal-gyzlaryň tekjesinde öňdebaryjy orny eýeledi: jalbar modelleri, şortly we yubkaly görnüşler.
Mata stili. Ýarym aňyrsy görünýän matalar we dakylýan bezegler häzirki günlerde Nýu-Ýorkda, Londonda, Milanda we Parižde geçirilýän moda hepdeliginde öňdebaryjy orny eýeleýär.
Ýumşak reňk geçişleri (gradient). Meşhur dizaýnerler bir reňk öwüşgininiň beýleki reňke sazlaşykly geçip biljekdigini görkezdiler. Şeýle-de bolsa, bu babatda meňzeş äheňdäki reňkler bilen çäklenmeli däldir.
Açyk eginler — aslynda 90-njy ýyllaryň trendi bolup, häzirem meşhurlygyň iň ýokary derejesine gaýdyp geldi. Aýris Low, Jiji Hadid, Sýuki Woterhaws, Bianka Balti — bu we beýleki moda hünärmenleri eýýäm eginleri goýberilen köýnekleri we üstki geýimleri görkezýärler.
Köýnekler we ballon-ýubkalar öz ornuny ýitirenok. Ballon-ýubkalaryň eýýäm ýatdan çykarylandygyna garamazdan, moda brendleri olaryň gözelligini wasp etmekden daşda duranoklar. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylda dizaýnerler olara däl-de, bu stildäki çişýän köýneklerde ünslerini jemleýärler.
Gülli äheňsiz bahar-tomus möwsümini göz öňüne getirip bolmaýar! Bu şekil aýal-gyzlaryň tejkesinde berk orun aldy. Häzir modanyň belentliginde — uly gyzyl güller. Ýene-de bir ähmiýetli trend — ýubkalary, köýnekleri hem-de çokerleri bezeýän 3D güllerdir.
Goýberilen bil. 2023-nji ýylyň ýaz-tomus kolleksiýalarynda peýda bolan şeýle billi köýnekler 2024-nji ýylda hakyky ösüşi başdan geçirýär. Bu modelleriň kadaly biçüwi şekili kaşaň görkezýär, dabandan başlaýan çişýän ýubka bolsa zenanlarda özboluşly keşbi döredýär.
Zolaklar indi diňe kiçi köýnekleri we penjekleri däl, eýsem zenanlaryň uzyn köýneklerini hem bezeýär. Olar kese görnüşde, tolkunly, diagonally ýa-da dürli tarapa gönükdirilen hili bolup biler.
Bahroma — moda düşünjelerini ýyl-ýyldan kämilleşdirýän elementdir. Munuň ähmiýeti baradaky jedelleriň soňy ýok, ýöne ýakynlan tomus möwsüminde onuň hakyky hökmany zerurlyga öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.
Peýdalanylan çeşme: www.marieclaire.ru
Şeýle-de okaň: