Gruziýanyň jahankeşdelikden girdejileri 1,5 göterim artdy

14:4501.05.2024
0
9688
Gruziýanyň jahankeşdelikden girdejileri 1,5 göterim artdy
Surat: report.az

Gruziýanyň jahankeşdelik pudagyndan 2024-nji ýylyň birinji çärýegindäki girdejileri 807,7 million dollara deň boldy. Bu barada ýurduň Jahankeşdelik boýunça milli edarasyna salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,5 göterim ýokarydyr we Gruziýa üçin rekord ösüşdir.

Gruziýa, esasan hem, Russiýadan, Türkiýeden, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, Ysraýyldan we Azerbaýjandan köp jahankeşdäniň barandygy habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň