«Dünýä Syýahat» täze ýola goýan hyzmaty barada habar berýär

14:4001.05.2024
0
22887

«Dünýä Syýahat» hojalyk jemgyýeti täze hyzmaty — howa menzilinden myhmanhana ýa-da müşderiniň islegi boýunça başga bir salga alyp gitmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu hyzmat dünýäniň islendik howa menzilinde elýeterlidir.

Täze hyzmat syýahatçylara barmaly ýerlerine amatly we arkaýyn barmaga mümkinçilik berýär.

«Dünýä Syýahat» syýahatçylyk kompaniýasyna bu hyzmaty sargyt edeniňizde gelýän senäňizi we wagtyňyzy, gatnawyň belgisini, myhmanhananyň adyny ýa-da barjak ýeriňiziň salgysyny, şeýle hem ýolagçylaryň sanyny görkezmelidir.

Ýolagçylary gerekli ýerine alyp gitmegi ýokary derejede ýerine ýetirýän bu hyzmaty sargyt etmek bilen, taksi ulagyna garaşyp wagt ýitirmezden myhmanhana dessine baryp bilersiňiz.

Mundan başga-da, ýolagçyny eltmek hyzmaty oňaýly awtoulaglarda tejribeli sürüjiler tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli awtoulaglar ätiýaçlandyrylyp, sürüjiler synag bilen saýlanyp alynýar.

«Dünýä Syýahat» ýolagçylaryň barmaly ýerine öz wagtynda eltilmegini kepillendirýär.

Ýeri gelende bellesek, «Dünýä Syýahat» kompaniýasy adaty syýahaty we işewürlik syýahatyny guramaga, bu ugurda: awiapetekleri we myhmanhanalary bronlamak, wiza almak, ýolagçylary gerekli ýerine alyp gitmek, gezelençleri guramak we beýleki zerur bolan hyzmatlaryň toplumyny doly hödürlemäge ýöriteleşendir.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Ussat» binasynyň gapdalynda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 12) 75 11 78, (+993 64) 92 97 77;
  • Daşoguz ş., Türkmenbaşy şaýoly, 44-1, «Şabat» myhmanhanasy. Telefon belgisi: (+993 61) 50 29 91;
  • Türkmenabat ş., «Lezzet» söwda merkezi. Telefon belgisi: (+993 64) 92 45 55.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy. Iş wagty: hepdede 7 gün, sagat 10:00-dan 19:00-a çenli.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň