Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglanyldy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi şahadatnamalary bermegiň täze tertibini tassyklady we beýleki habarlar

10:3521.07.2023
0
31971

Türkmenistan

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglady. Koreýanyň parlamentiniň wekili döwlet Baştutanyň Permany bilen bu sylaga iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

2. Türkmenistanyň bilim ministriniň bilim işini amala aşyrýan guramalaryň jemleýji synaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulmadyk bilim maksatnamalaryny özleşdiren adamlara okandygy hakynda degişli nusgadaky resminamalary bermeginiň täze tertibi tassyklaýan buýrugy güýje girdi. Täze tertibe görä, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnamasy bolan guramalar tarapyndan guramada okana bilim maksatnamasyny üstünlikli tamamlandygy üçin Resminama berilýär. Resminama kagyz we elektron görnüşlerinde Türkmenistanyň döwlet dilinde ýa-da Türkmenistanyň döwlet we daşary ýurt dillerinde resmileşdirilýär. Resminama guramanyň ýolbaşçysy gol çekýär we onuň goly möhür bilen tassyklanylýar.

3. Türkmenistandaky umumybilim berýän orta mekdepleriň altysy ÝUNESKO-nyň Mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi. Şolaryň biri hem Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdepdir. Bu hyzmatdaşlyk Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň hem-de Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň goldaw bermeginde alnyp barylýar.

4. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda elektron kitaphanalaryň ýaş nesliň ösüşindäki ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda ýurduň kitaphanalarynyň ýaşlara uly üns berýändigi, şonuň bilen baglylykda, onlaýn gurşawlaryň, şol sanda kitaphanalaryň hususy saýtlarynyň özboluşly aragatnaşyk guralydygy bellendi. Mysal üçin, Döwlet kitaphanasynyň «dovletkitaphana.gov.tm» saýtynda ulanyjylar geçirilýän medeni çäreler, kitaphana gelip gowşan täze kitaplar, şeýle hem kitaphananyň hereket edýän bölümleri baradaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler.

5. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasyndaky hassahanada Gün batareýalary oturdyldy. Bu Türkmenistanda Günden alynýan elektrik energiýasy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji lukmançylyk-saglygy goraýyş edarasydyr. Alternatiw güýç çeşmesi hassahana üznüksiz, şol sanda tebigy betbagtçylyklar wagtynda hem lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik döreder. Gün energiýasy bilen işleýän elektrik ulgamlaryny ornaşdyrmak taslamasy ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

Dünýäde

6. «iPhone-nyň» 4 GB-lik birinji nesli bäsleşikli söwdada (auksionda) 190 müň dollara satyldy. Satylan smartfonyň nusgasy örän seýrek hasaplanýar. 4 GB-lik we 8 GB-lik nusgalar şol bir wagtyň özünde satuwa çykaryldy, ýöne alyjylaryň köpüsi has uly ýada eýe bolan nusgany makul gördüler, şeýlelikde 4 GB-lik nusga tiz wagtda satuwdan aýryldy. Satuwa çykarylan smartfon hatda açylan hem däldir we örän gowy ýagdaýda saklanýar. Satuwy üçin auksiony gurnaýjylar 50-den 100 müň dollar aralygynda gazanmagy meýilleşdirdiler, ýöne auksionyň netijeleri olaryň garaşyşyndan hem has ýokary boldy. Çykarylan ýylynda – 2007-nji ýylda smartfonyň bahasynyň 499 dollar bolandygy mälimdir.

7. Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň buýurmasy esasynda ýurtda türki dilli döwletlere mahsus bolan gadymy rowaýatlara esaslanýan 10 sany synag animasiýa taslamasynyň önümçiligine girişildi. Taslamalar bäsdeşlik esasynda saýlanyldy. Bäsleşikde 26 studiýadan türki dilli döwletleriň beýik şahsyýetleri, mukaddes haýwanlary we geografiki atlary, umumy baýramçylyklary we türk dilli halklaryň milli ýörelgeleri baradaky rowaýatlar esasynda ýazylan jemi 40 ssenariýa kabul edildi.

Sport habarlary

8. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 23 – 30-njy iýul aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek taryhy «CAFA Futsal Cup-2023» ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine üç topardan, ýagny «Deňizçi», «Köpetdag» we «Senagatbank» toparlaryndan iki derwezeban we 12 oýunçy girizildi. «CAFA Futsal Cup-2023» ýaryşyna alty topar gatnaşar: Türkmenistan, Täjigistan, Eýran, Özbegistan, Gyrgyzystan we Owganystan. Olar her topar bilen bir duşuşyk geçirmek esasynda bir aýlaw ulgamynda oýnarlar. Ýeňiji ýygyndy toplanan utuklaryň sany boýunça kesgitlener. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 23-nji iýulda Eýrana garşy duşuşyk bilen ýaryşdaky ýoluna başlar.

9. «Ahal» futbol topary futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň ikinji tapgyry we ýakyn wagtda geçiriljek AFK Çempionlar ligasyna taýýarlyk üçin möwsümden öňki türgenleşigiň çäklerinde Türkiýäniň Kartepe şäherine gitdi. Türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda futbolçylar birnäçe dostluk duşuşyklaryny geçirerler, şeýle hem tälimçiler toparynyň ýolbaşçylygynda oýnuň dürli nusgalaryny gaýtadan işlärler. 4-nji awgustda «Ahal» Türkmenistana gaýdyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň