Turkmenportal logo
20.07.23
5225652256
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» okuw-türgenleşigini geçmek üçin Türkiýä gitdi

«Ahal» futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyry we ýakyn wagtda geçiriljek AFK Çempionlar ligasy üçin möwsümden öňki türgenleşigiň çäginde Türkiýäniň Kartepesine okuw-türgenleşigini geçmäge gitdi.


Ol ýerde oýunçylar birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler, şeýle hem tälimçiler toparynyň ýolbaşçylygynda oýun üçin dürli taktikalar taýýarlanylar.


Klubuň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, «Ahal» Türkmenistana 4-nji awgustda gaýdyp geler.