Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çjin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çjin Pýo bu orden bilen Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlary, Ýewraziýa sebitinde, şeýle-de ählumumy derejede Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny işjeň goldamak bilen, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, parlament diplomatiýasyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp sylaglandy.
«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, şu gün Aşgabadyň Maslahat köşgünde ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerden soňra, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çjin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Sylagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň özüni täze ýeňişlere ruhlandyrandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda jogapkärçiligini artdyrandygyny belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra bu ýerde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Belent mertebeli myhmany sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar Maslahat köşgüniň «Oguz han» otagy bilen tanyşdylar. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çjin Pýo Maslahat köşgüniň dürli derejedäki mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen otagynyň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, onda forumlary hem-de maslahatlary geçirmek üçin döredilen şertleriň we otagyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini belläp, otagyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylan serişdeleriň derejesine ýokary baha berdi.