Top.Mail.Ru

Türkmenistan milli haly baýramçylygy bellenildi, tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär, Ärdogan Türkiýäniň Prezidentiniň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy we beýleki habarlar

12:1329.05.2023
0
30688

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow 11 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly atlar her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilmegi däbe öwrülen Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dakyldy.

2. Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsümine we çagalaryň dynç alşyny guramaga taýýarlyk görülýär. Her ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gökderedäki, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmek üçin mümkinçilik alýarlar. 2-nji iýunda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçiriler.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy we Türkiýäniň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Ärdogana gutlag hatyny iberdiler.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Serdar Rahymow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada eýe boldy. Serdar bu ada Ýaş alymlaryň Halkara assosiasiýasy tarapyndan gurnalan halkara ýaryşda mynasyp boldy. Türkmen talybynyň GDA-da bilimiň, ylmyň, sungatyň we sportyň ösmegine goşan goşandyna bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi: oňa I dereje diplom, şeýle hem 2023-nji ýylda «GDA-nyň iň gowy talyby» medaly gowşuryldy.

5. Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Tri Protoka obasynda XIII Bütinrus oba Sabantuýy geçirildi. Bu ýerde açylan etniki obanyň çäginde dürli halklaryň medeniýetleri bilen tanyşmak bolýar. Türkmen meýdançasynda milli nagyşlar bilen bezelen 3 sany gara öý guruldy. Gara öýlerde myhmanlar kitap we sungat sergileri, şeýle hem türkmen halkynyň adatlary, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

6. Türkmenistanyň müfti Ýalkap Hojagulyýew Russiýanyň musulmanlarynyň Merkezi ruhy müdiriýetiniň çärelerine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi we guramanyň 235 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak çakylygyny kabul etdi. Ol bu barada Türkmenistanyň we Russiýanyň musulmanlarynyň ruhy liderleriniň bilelikdäki sammitiniň dowmynda belläp geçdi, şeýle hem sammitde Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyly.

Dünýäde

7. 2023-nji ýyldaky 76-njy Kann film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi. Emin agzalaryna 21 eser hödürlendi. Festiwalyň Baş baýragyna Martin Emisiň Oswensimiň komendantynyň maşgalasy baradaky romany esasynda döredilen «Gyzyklanma zolagy» filmi üçin britan režissýory Jonatan Gleýzer mynasyp boldy. Iň gowy film diýen derejä we Altyn palma şahasy baýragyna režissýor Žýustin Triýeniň «Gaçmak traýektoriýasy» eseri – ärini öldürmekde aýyplanýan ýazyjy zenan hakynda detektiw hekaýa mynasyp boldy.

8. Gazagystana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany barha artýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýurda syýahatçylyk akymy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandy, syýahatçylaryň aglabasy Russiýadan, Türkiýeden we Hindistandan gelýärler. Ýurduň şäherleriniň arasynda paýtagt Astana, şeýle hem Almaty, Şymkent we deňiz kenaryndaky Aktau şäherleri daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni has köp çekýärler.

Sport habarlary

9. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda birinji tapgyryň ähli oýunlary tamamlandy. 9 tapgyryň netijeleri boýunça, çempionatyň sanawynda birinji orny 24 utuk toplan «Arkadag» eýeledi. Sanawyň ikinji ornuny öňdebaryjy topardan ýedi utuk yzda barýan «Altyn asyr» eýeleýär. Üçünji orunda – hNebitçi» (16 utuk). Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahal» 3 utuk bilen dokuzynjy orunda barýar.

10. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiew Tamperede geçirilen Halkara Kongresiniň çäklerinde Halkara Hokkeý federasiýasynyň Prezidenti Lýuk Tardif bilen duşuşdy. Iki sport hünärmeniniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda hokkeýiň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tardif türkmen hokkeýini ösdürmekde öňegidişligiň gazanylýandygyny belledi.

11. 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde uly tälimçi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda tennis boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Daşkende okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň habar bermegine görä, bu ýygnanyşyga 18 oýunçy we 3 tälimçi çagyryldy. Ýeri gelende bellesek, 5 – 9-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçiriljek 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň toparlary bäsdeşlik ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň