Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurtda çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Olar her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, arassa howada gezelençleri, zehin we döredijilik bäsleşiklerini guramak, milli oýunlar boýunça ýaryşlary, sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş türkmenistanlylaryň oňaýly dynç almagy, saglyklarynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösmegi hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere tomusky dynç alyş möwsüminde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2-nji iýunda mekdep okuwçylarynyň Gökderedäki dynç alyş merkezlerine iberiliş dabaralarynyň geçiriljekdigini ýatladýarys