Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ussat halyçylaryň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy

15:5828.05.2023
0
24904

Şu gün Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakylyp, olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada şu raýatlar mynasyp boldular:

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçysy Annanabat Amanowna Durdyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oraztäç Amangeldiýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gülbahar Myratgeldiýewna Baýramowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň halyçysy Bossan Nurnepesowna Nyýazmyradowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň «Ajyýap» bölüminiň halyçysy Hajarbibi Ýakubowna Taýlyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Akdepe haly önümhanasynyň halyçysy Gulnora Abdullaýewna Reýimbaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsagül Gurbangeldiýewna Pirgulyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahargül Sapargeldiýewna Annaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Aknabat Algulyýewna Basarowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Gülälek Gurbangeldiýewna Welläýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge haly önümhanasynyň halyçysy Jahangözel Orazgeldiýewa.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň