Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» ykdysady forumyna gatnaşar, türkmen lukmanlary Owganystanda işe girişdiler, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA U-20 çempionatyna gatnaşar we beýleki habarlar

10:5217.05.2023
0
29967

1. Türkmenistanyň wekiliýeti 18-19-njy maýda Kazanda geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda nygtap geçdi. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygynyň bellemegine görä, Türkmenistan bu foruma senagat, ulag we gurluşyk pudaklarynyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan wekiliýeti iberdi. Mundan başga-da, forumda Türkmenistanyň diwarlygy guralar.

2. Ynsanperwerlik çäreleriniň çäklerinde 15-nji maýda Owganystana gelen üç sany türkmen lukmany Hyrat welaýatynyň Turgundi obasynda Türkmenistan tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýünde zenanlara we çagalara lukmançylyk-maslahat beriş kömegini amala aşyryp başlady. Owgan tarapy Türkmenistandan gelen lukmanlary mähirli garşy aldy. Lukmanlaryň ynsanperwerlik missiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Türkmen lukmanlary bu ýerde maý aýynyň ahyryna çenli işlärler. Ýatlatsak, 11-nji maýda Türkmenistany Owganystana agramy 125 tonna barabar bolan önümler ýüklenen ynsanperwerlik kömegini iberipdi.

3. 18-19-njy maýda Sian şäherinde geçiriljek sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlary sebitiň energiýa bazaryna türkmen tebigy gazynyň ýerlenilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hytaýa gazyň ýerlenilmegi Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça üç liniýa (A, B we C) esasynda amala aşyrylýar. Türkmen tebigy gazyny diňe ahyrky sarp ediji – Hytaý däl, eýsem, üstaşyr ýurtlar – Özbegistan we Gazagystan hem peýdalanyp biler. HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň Serdar Berdimuhamedowy «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine çagyrandygy ozal habar berlipdi.

4. 2023-nji ýylyň aprelinde Azerbaýjana 154 müňden gowrak syýahatçy geldi, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83% köpdür. 2023-nji ýylyň aprelinde Azerbaýjana gelýän syýahatçylaryň sany boýunça Türkmenistan ilkinji 15 ýurduň hatarynda orun aldy. Statistik maglumatlara görä, geçen aý syýahatçylyk maksady bilen 1,9 müňden gowrak türkmen raýaty Azerbaýjana geldi. Şol bir wagtyň özünde, Respublikanyň gury ýer serhetleri 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli geçmek üçin ýapyklygyna galýar. Azerbaýjana baryp görmek diňe howa ulaglary arkaly mümkindir.

5. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnalan onlaýn okuw-seminarlaryna gatnaşdylar. Webinarlar şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde geçirildi. Rus hünärmenleri bilimiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde daşary ýurt dillerini öwretmek mowzugyna bagyşlanan jemi sekiz okuw seminaryny geçirdiler.

6. «Samsung» urga çydamly smartfonlaryň täze nusgalaryny – «Galaxy S23 Tactical Edition» we «Galaxy XCover 6 Pro Tactical Edition» smartfonlaryny hödürledi. Täze nusgalary döredijileriň bellemeklerine görä, bu smartfonlary harbylar söweş şertlerinde üstünlikli ulanyp bilerler. Olar tozana garşy ýokarlandyrylan goraga eýedirler, ekran ýokary gatylykly gorag aýnasy bilen örtülendir. Şeýle hem smartfonlar olary döşüňizde ýa-da biliňizde götermäge mümkinçilik berýän ýörite daşlyk bilen üpjün edilendir.Sport habarlary

7. Türkmenistanyň talyplar ýygyndysy Bakuwda geçirilen halkara basketbol bäsleşiginde üçünji orun ugrundaky duşuşykda Azerbaýjan döwlet bedenterbiýe we sport akademiýasynyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk 83:64 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýaryşa Russiýadan, Türkiýeden, Gruziýadan, Özbegistandan, Belarusdan, Türkmenistandan sekiz topar we Azerbaýjandan iki düzüm gatnaşdy.

8. 20 – 25-nji maý aralygynda Özbegistanda ilkinji gezek ulularyň arasynda guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Sebit birinjiligine, takmynan, 20 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem türgenler gatnaşarlar. Häzirki wagtda Özbegistanyň Jizak welaýatynda Aziýa çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin işjeň taýýarlyk görülýär.

9. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Ýaryş 19-njy maýdan 29-njy maý aralygynda Täjigistanda geçiriler. Çempionata Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyndan başga-da dört topar – Owganystan, Eýran, Täjigistan we Özbegistan gatnaşar.

10. Çempionlar ligasynyň jogap duşuşygynda «Inter» «Milandan» 1-0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminden Lautaro Martines 74-nji minutda pökgini tora girizdi. Ilkinji duşuşyk hem «Interiň» 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy. Madridiň «Realy» we «Mançester Siti» Çempionlar ligasynyň bu möwsüminiň finalyna çykjak ikinji topar bolmak üçin üçin göreşerler. Toparlaryň arasyndaky ilkinji ýarym final duşuşygy Madridde geçirildi we 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Jogap duşuşygy şu gün Mançesterde geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanar we «Matç TW» teleýaýlymynda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň