Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Täjigistana bardy, türkmenistanly bagşy Özbegistanda geçirilen festiwalda 2,5 müň dollar gazandy, Ärdogan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy baradaky Ähtnamany tassyklady we beýleki habarlar

10:4511.05.2023
0
32546

1. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana bardy, saparyň dowamynda Emomali Rahmon bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

2. Özbegistanda geçirilen III Halkara bagşyçylyk festiwalynda türkmenistanly bagşy Garýagdy Saryýew birinji orny eýelemegi başardy. Festiwalyň ýeňijilerine pul baýraklary gowşuryldy. Festiwalyň Baş baýragyna Özbegistanyň wekili Ilhom Norow mynasyp boldy. Festiwala 40-dan gowrak daşary ýurtly bagşylar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginde 64 aýdymçy – 10 ýerli we 54 daşary ýurtly bagşy bäsleşdi.

3. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan «Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki konsultatiw topary döretmek baradaky Ähtnamany» tassyklaýan karara gol çekdi. Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň çäklerinde gol çekilipdi. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew degişli resminamany 27-nji aprelde tassyklady.

4. Türkmenistandaky BMGÖM ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine endokrin we newrologiki keselleri bejermek üçin derman serişdeleriniň tapgyryny iberdi. Umumy bahasy 256 000 dollara deň bolan jemi 10 000 çüýşe (flakon) getirildi. Derman serişdeleri Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýeleşdirmeginde 2021-2023-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek üçin dermanlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada taslamanyň çäklerinde satyn alyndy.

5. Emirlikleriň «Emirates» we «Etihad Airways» awiakompaniýalary özara hyzmatdaşlyk hakynda täze şertnama baglaşdylar. Gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama Birleşen Arap Emirliklerine barýan syýahatçylara Dubaýa ýa-da Abu-Dabä gelmek, emma başga howa menzilinden yzyna gaýtmak boýunça petekleri satyn almaga mümkinçilik döreder. Bu shema BAE-den üçünji ýurtlara üstaşyr gatnawlara hem degişlidir. Bu dünýäniň iň iri iki awiakompaniýasynyň arasynda syýahatçylara bir syýahatyň çäginde birnäçe şähere baryp görmek üçin şertleri döretmegiň hasabyna beýleki ýurtlardan BAE-e syýahatçylaryň akymyny artdyrmagy maksat edinýän ilkinji şertnamadyr. Şertnamanyň şu tomus durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

6. Liwerpulda «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarymfinaly geçirildi. Şeýlelikde, Ysraýylyň, Moldawiýanyň, Norwegiýanyň, Portugaliýanyň, Serbiýanyň, Finlýandiýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň we Şwesiýanyň wekilleri ýaryşyň finalyna çykdylar. Azerbaýjandan, Latwiýadan, Irlandiýadan, Maltadan we Niderlandlardan aýdymçylar bu tapgyrda ýaryşdan çykdylar. Şwesiýaly aýdymçy Lorin we fin rep aýdymçysy Kaarija bu ýylky «Ýewrowideniýede» diňleýjileriň söýgüsini gazanan esasy aýdymçylardyr.

7. Çempionlar ligasynyň ýarymfinalynyň birinji duşuşygynda «Milan» «Interden» ýeňildi. Duşuşyk çarşenbe güni «San-Siro» stadionynda geçirildi we nominal myhmanlaryň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda Edin Jeko we Genrih Mhitarýan tapawutlanmagy başardylar. Mhitarýan ýaryşyň bu tapgyrynda gol salan ilkinji ermeni we Çempionlar ligasynyň ýarymfinalynda gol salan üçünji GDA oýunçysy boldy. Toparlaryň jogap duşuşygy indiki hepdede, 16-njy maýda geçiriler.

8. Hançžou şäherinde geçirilen kuraş göreşi boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri sekiz medal: bir kümüş we ýedi bürünç medal gazanmagy baraşdylar. Aziýanyň birinjiligine 20 ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň toparynyň düzüminde kümüş medala 48 kilograma çenli agram derejesinde Aýşirin Haýdarowa mynasyp boldy. Ýatlatsak, Hançžouda 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Aziýa oýunlary geçiriler. Şäher ýetip gelýän sport çäresine işjeň taýýaryk görýär.

9. Serhio Buskets şu möwsümiň ahyrynda «Barselonadan» gitjekdigini yglan etdi. Buskets: «Men hemişe bu köýnekçede, bu stadionda oýnamagy arzuw edýärdim we hakykat meniň garaşyşymdan hem has ýokary boldy: men toparyň düzüminde 15 möwsüm geçirerin, onuň agzasy, oýunçysy, kapitany bolaryn diýip göz öňüne-de getirmeýärdim» diýip belledi. 34 ýaşly ýarymgoragçy 2008-nji ýyldan bäri «Barselonanyň» esasy toparynda çykyş edýär. Ol «Barsa-nyň» düzüminde 719 gezek çykyş edip, 18 pökgi geçirdi we 45 gol pasyny berdi. Topar bilen bilelikde ýarymgoragçy 8 gezek Ispaniýanyň we 7 gezek ýurduň kubogynyň eýesi, 3 gezek – Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy. Buskets Ispaniýa milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2012-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň