Soňky habarlar

Arhiw

AFK Aziýanyň kubogy ― 2023-iň geçiriljek senelerini we stadionlaryny kesgitledi

10:2506.04.2023
0
20303

AFK Katarda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň senelerini we stadionlaryny kesgitledi. Habar berlişi ýaly, yklym ýaryşy 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwary ― 10-njy fewraly aralygynda geçiriler.

Onuň duşuşyklaryny Kataryň 8 stadiony kabul eder. Olar El-Haur şäheriniň «Al-Baýt», Dohanyň «Abdulla bin Halyfa», «Halyfa Interneýşl», Şeýh Jassim bin Hamad adyndaky, «Al-Tumama», Er-Raýýan şäheriniň «Ahmed Bin Aly Stedium», «Edýukeýşn Siti» we El-Wakra şäheriniň «Al-Janub» stadionlarydyr.

Yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň maý aýynda Hytaýda geçirilmelidi. 2023-nji ýyla, yza süýşürilen ýaryşy soň Hytaý geçirmekden boýun towlady. Şeýlelikde, ony Katar kabul etmäge razy boldy.

Yklym ýaryşynyň bijeleri 11-nji maý güni Doha şäherinde geçiriler. Oňa 24 milli ýygyndy gatnaşar. Olar Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Palestina, Özbegistan, Tailand, Hindistan, Gonkong, Bahreýn, Malaýziýa, Täjigistan, Gyrgyzystan, Eýran, Koreýa Respublikasy, BAE, Liwan, Yrak, Siriýa, Saud Arabystany, Ýaponiýa, Awstraliýa, Oman, Wýetnam, Hytaý we Katardyr. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy yklym ýaryşynyň final tapgyry üçin saýlama ýaryşlardan üstünlikli geçip bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň