Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:1925.03.2025
0
20761

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň halkyny BMG-niň Bitaraplyk hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmen milli dünýä dilleri instituty halkara olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar we beýleki habarlara

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň raýatlaryny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany gutlag hatynda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara giňişliginde ykrar edilmegini tassyklaýan dünýä derejesindäki taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamanyň ýurduň parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna berlen ýokary bahadygyny aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89267/prezident-turkmenistana-pozdravil-narod-s-prinyatiem-rezolyucii-oon-o-neitralitete

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça taýýarlyk işlerine we bugdaý ekişiniň meselelerine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutany agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ähmiýetini aýratyn belläp, gowaça ekişine gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýy ikinji gezek mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna zerur bolan işleri wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/89263/prezident-turkmenistana-provel-soveshchanie-po-razvitiyu-selskogo-hozyaistva

3. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil hünär ugry we dil hünär ugry bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Iňlis dili» dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada şu ýylyň 10-11-nji aprelinde geçiriler. Saýlama tapgyry 1-2-nji aprelde geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/89277/yazykovoi-vuz-turkmenistana-priglashaet-k-uchastiyu-v-mezhdunarodnoi-olimpiade

4. Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» at Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Hökümetiň agzalary, diplomatlar, halkara guramalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ýurduň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde üçünji gezek tassyklanmagynyň taryhy ähmiýetini bellediler. Kararnama BMG-niň «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň çäklerinde kabul edildi.

https://turkmenportal.com/blog/89262/v-ashhabade-proshla-konferenciya-posvyashchennaya-novoi-rezolyucii-oon-o-neitralitete

5. Mukaddes Oraza aýynda Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasy däp bolup gelýän agzaçar kabul edişligini gurady. Bu çäre medeniýetara dialog üçin möhüm meýdança öwrülip, diplomatik gulluklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Agzaçar çäresine gelenleri bu ýurduň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nawaf Al-Raşid garşylady, oňa Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlara arap aşhanasynyň baý däplerini görkezýän dürli tagamlar hödür edildi.

https://turkmenportal.com/blog/89280/posolstvo-saudovskoi-aravii-v-ashhabade-organizovalo-tradicionnyi-iftar

Dünýäde

1. Hytaýly alymlar rak keselini bejermek strategiýalaryny düýpgöter üýtgetjek innowasion bejeriş usulyny hödürläp, onkologiýada uly üstünlik gazandylar. Işlenip düzülen usul rak keseli öýjüklerini immun ulgamy tarapyndan tanamak we ýok etmek mehanizmini herekete getirip biljek genetiki taýdan üýtgedilen wirusy ulanmagy öz içine alýar. Usulyň esasy aýratynlygy wirusyň genetiki taýdan üýtgedilmegi bolup, ol rak öýjükleriniň gurluşyny üýtgedýär we ony haýwan gelip çykyşly ýat dokumalara meňzeş edýär. Bu özgertme oturdylan organy ret etmek prosesini ýada salýan güýçli immun reaksiýasyny döredýär. Netijede, immun ulgamy bedeniň sagdyn öýjüklerine täsir etmezden, çişe aýratyn hüjüm edip başlaýar, bu bolsa nusgawy bejeriş usullary bilen deňeşdirilende, zyýanly täsirleri ep-esli derejede azaldýar.

https://turkmenportal.com/blog/89272/uchenye-iz-kitaya-razrabotali-revolyucionnyi-metod-borby-s-onkologicheskimi-zabolevaniyami

2. Ýedi ýaşly Samýukta Naraýanan iň ýaş thekwondo tälimçisi boldy. Bu gyz resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy we 7 ýaş 270 gün ýaşy bilen ajaýyp dünýä rekordyny goýdy. Onuň üstünligi baradaky habar jemgyýetde garyşyk reaksiýa döretdi. Käbir sosial mediýa ulanyjylary ýaş türgeniň zehinine we ajaýyp erjelligine haýran galdylar, beýlekiler şeýle intensiw türgenleşigiň çaganyň saglygyna ýetirip biljek howpy barada howsala galdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89279/7letnyaya-devochka-iz-indii-stala-samym-molodym-instruktorom-po-thekvondo

Sport täzelikleri

1. 24-nji martdan 17-nji aprel aralygynda Türkmenistanda iki sany möhüm çärä: Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýoldaşlyk hokkeý oýunlary geçiriler. Bu ýaryşa ýedi topar, şol sanda ýurduň on gezek çempiony «Galkan» we «Oguzhan», «Şir», «Nesil», «Watançy», «Merdana» hem-de «Bürgüt» toparlary gatnaşar.

https://turkmenportal.com/blog/89285/hokkeinye-komandy-turkmenistana-provedut-seriyu-tovarishcheskih-matchei

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň