Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wepaly aýal ýanýoldaşyna 80 ýyl garaşdy

16:5225.03.2025
0
16749
Wepaly aýal ýanýoldaşyna 80 ýyl garaşdy
Surat: Guang Ming Daily

103 ýaşly hytaýly zenan mundan 80 ýyl öň gazanç üçin ýurtdan çykyp giden adamsyndan habara we dolanyp gelmegine garaşyp, dünýeden ötdi diýip, «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.

Du Huçžen atly zenan 8-nji martda 103 ýaşynda aradan çykdy. Ölmezinden öň ol elinde 1940-njy ýylda adamsy Huan Szýunfua durmuşa çykanda ulanan ýassyk daşyny gujaklap ýatdy.

Onuň adamsy Huan toýuň yzysüre Gomindanyň goşunyna girdi we fronta gitdi. 1943-nji ýylda aýaly ony tapdy, ikisi birnäçe aý ýaşaşdylar. Du hamyla bolandan soňra, öýlerine dolandy we 1944-nji ýylda onuň ogul bäbegi dünýä indi. Çaga Huan Façan diýip at dakdy.

Adamsy öýe gaýdyp geldi, biraz wagt ýaşady-da, gazanç gözleginde başga ýurda gitdi. Ol aýalyna hat ýazyp durardy, iň soňky haty 1952-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda geldi. Huan şol wagt Malaýziýada işleýärdi, soňra ol Singapura gitdi.

Şeýlelikde, 80 ýyllap wepaly aýaly adamsynyň öýe dolanaryna garaşdy. Oňa durmuşa çykmagy teklip eden erkekler-de boldy, emma Du razy bolmady.

Gyz agtygy Huan Liin garry enesiniň ölmezinden öň düýşünde adamsyny görendigini we gözlerini rahat ýumandygyny gürrüň berdi. Dereksiz ýiten Huanyň dogan-garyndaşlary ol barada beýleki ýurtlardan maglumat gözlemekçi bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň