Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň deslapky oýnunda Hytaý Taýbeýinden üstün çykdy. Şu gün Gaosýun şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.
«D» toparçasyndan orun alan duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Elman Tagaýew (48-nji minut) hem-de Ýazgylyç Gurbanow (83) tapawutlandy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk jogap goly 64-nji minutda S.Kuame tarapyndan geçirildi.
Türkmenistan indiki oýnuny 10-njy iýunda Taýland bilen öz öýünde geçirer. Hytaý Taýbeýi bolsa myhmançylykda Şri-lanka bilen oýnar.
Aziýa Kubogy-2027-niň final tapgyry Saud Arabystanynda geçirilip, ýaryşyň üçünji saýlama tapgyryndaky alty sany toparçanyň ýeňijileri oňa gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Mundan ozal, DÇ-2026-nyň Aziýa yklymyndaky saýlamasynyň üçünji tapgyryna çykmagy başaran 18 sany ýygyndy Aziýa Kubogy-2027-niň final tapgyryna hem ýollanma alypdy. Olar şulardan ybarat: Awstraliýa, Bahreýn, Indoneziýa, Iordaniýa, Yrak, Eýran, Katar, Hytaý, KHDR, Koreýa Respublikasy, Kuweýt, Gyrgyzystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Palestina, Özbegistan, Ýaponiýa we Saud Arabystany (ýer eýesi hökmünde).
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan şu wagta çenli iki gezek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşdy. Türkmen futbolçylary ilkinji gezek 2004-nji ýylda Hytaýda geçirilen yklym birinjiliginde çykyş edipdiler. Soňky gezek bolsa türkmen ýygyndysy 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda meýdança çykdy.
Aziýa Kubogy 1956-njy ýyldan bäri her dört ýylda bir gezek geçirilip gelinýär. 2007-nji ýyldan başlap ýaryş täk ýyllara geçirildi. Aziýa Kubogynyň häzirki ýeňijisi Kataryň milli ýygyndysydyr.