Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti wagyz-nesihat meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi

23:0325.03.2025
0
13841
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti wagyz-nesihat meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi
Surat: TDH

Şu gün Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşykda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglyk ýagdaýy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň guramaçylyk ýagdaýy we ony geçirmegiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Gaznanyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşik bilen bagly meselelere hem garaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýeti bolan bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişi we gaznanyň ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän giň möçberli işleriniň metbugat neşirlerinde we teleradioýaýlymlarda giňden wagyz edilmegini guramaga jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şunda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň işini ösdürmek we onuň degişli düzümler bilen bilelikdäki tagallalaryny işjeňleşdirmek meselelerine-de möhüm ähmiýet berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň