Şu gün Buharest şäherindäki Rumyn daýhanlarynyň milli muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Arşyň nepisligi – türkmen halysy» atly haly sergisi öz işine başlady. Sergi Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan bilelikde guralypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Serginiň açylyş dabarasyna Rumyniýada hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, parlamentiň agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ylmy intelligensiýanyň wekilleri, muzeý işgärleri, şeýle hem Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabarada Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň döwlet sekretary Diana Baçuna, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew hem-de Rumyn daýhanlarynyň milli muzeýiniň baş direktory Wirjiu-Stefan Nitulesku çykyş etdi.
Çykyşlarda türkmen halylarynyň hemişe ýokary sungat gymmatlygyna we nepis öwüşgine eýe bolan ajaýyp önümler hökmünde uly islegden peýdalanyp gelendigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halylarynyň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýlerinde, sergi zallarynda we sungat galereýalarynda saklanylýar. Görenleri haýrana goýýan türkmen halysy dünýäde öz şöhratly ýoluny dowam etdirýär, ol türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklardan bäri saklap gelen özboluşly sungatynyň iň meşhur nusgasy hökmünde tanalýar.
Mundan başga-da, nepis türkmen halylarynyň dünýä ýaýramagynda, olary sungatyň nusgasy hökmünde tanatmakda türkmen topragyndan geçen Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Çykyş edenler türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyndaky aýratyn ornuny belläp, onuň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini nygtadylar. Bu çözgüt türkmen halyçylyk däpleriniň dünýäniň beýik medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär we onuň dünýä derejesinde giňden tanalmagyna, öňe ilerlemegine uly itergi berýär.
Çykyşlarda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň alyp barýan işleriniň ähmiýeti dogrusynda hem aýratyn bellenildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň medeni mirasyny we milli däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda goşan uly şahsy goşantlaryna hem aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň türkmen el halylarynyň dünýädäki şöhratyny belent derejä göterýändigi, halyçylara döredijilik ylhamy berýändigi bellenildi.
Şeýle-de sergide türkmen halkynyň medeni mirasyny şöhlelendirýän surat eserleri, täsin milli bezeg şaý-sepleri hem görkezilýär.
Muzeýiň baý kolleksiýasyndan alnan ajaýyp çeper gymmatlyga we ýokary nepislige eýe bolan halylar we haly önümleri bolsa sergide aýratyn orun eýeleýärler. Sergä goýlan her bir haly ýokary hilli dokalyş aýratynlyklary we ajaýyp owadanlygy bilen tapawutlanýar.
Sergi 31-nji marta çenli öz işini dowam eder.