2025-nji ýylyň 24-nji fewralyndan 28-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň gözi görmeýänleriň şaşka federasiýasy ýurdumyzyň küşt we şaşka mekdebinde erkekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionatyny geçirdi. Bäsleşik dartgynly we tolgundyryjy bolup, tomaşaçylara garaşylmadyk köp netijelere getirdi.
Federasiýanyň metbugat kätibiniň sözlerine görä, uly ýaşlylar derejesinde birinji ýeri Şirmämmet Baýramalyýew eýeledi, ikinji ýere Çary Bäşimow mynasyp boldy, üçünji ýeri bolsa Arslan Meredow eýeledi.
Ýaşlar derejesinde ýeňiji Mekan Babamyradow boldy, kümüş medala Ilmyrat Baýramalyýew mynasyp boldy, bürünç medala Melek Mommadowa eýe boldy.
Ýaryş ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.