Top.Mail.Ru

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

10:2521.03.2025
0
36531
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
Surat: Ashgabat.in

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu halkara çäräniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Halkara festiwalyň esasy maksady dünýä halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan, olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Döwlet Baştutany şu ýylyň iýunynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň