4-nji aprelde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Germaniýanyň belli aýdymçysy we aktrisasy Katarina Merling, pianinoçy Ferdinand fon Sebah, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda konsert bilen çykyş ederler.
Katarina Merling meşhur aýdymçylar Kurt Waýlyň we Edit Piýafyň aýdymlaryny ýerine ýetirer.
Konsert paýtagtymyzyň «Mukamlar köşgünde» sagat 19:00-da başlanar.
Biletleri satyn almak boýunça soraglar bilen aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 48-96-83; 48-96-85; (+99363) 81-18-81.
Konsert Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Aşgabatdaky Fransuz instituty bilen hyzmatdaşlykda guraldy.