18-21-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny gurady. Oňa Ukrainadaky türkmen talyplary, ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, medeni çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgulary okaldy.
Medeni çäräniň çäklerinde görnükli, nusgawy türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusyny dünýäniň dürli dillerinde çeper okamaga aýratyn üns berildi.
Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň” esasyny düzýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy we medeni dialogy berkitmegiň, parahatçylyk, ynanyşmak pikirlerini öňe sürmegiň möhümdigini bellediler diýlip, çeşmede habar berilýär.