Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmen smartfony çalyşmaly möhlet barada maslahat berdi

18:1425.03.2025
0
14226
Hünärmen smartfony çalyşmaly möhlet barada maslahat berdi
Surat: Gazeta.ru

Maliýe sowatlylyk nukdaýnazaryndan, smartfony täzelemegiň iň amatly möhleti takmynan üç-dört ýyla deňdir. Bu barada Russiýadaky «M. Wideo-Eldorado» Toparynyň «Telekom we Gajetler» edarasynyň başlygy Ýekaterina Iksanowa maslahat berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Şu döwürde enjam özüne harçalan puly doly ödeýär, eýesi-de onuň söwdasyndan aňrybaş peýda görýär. Adatça, birnäçe ýyldan enjamyň batareýasynyň sygymy peselýär, programma çäklendirmeleri peýda bolýar, tehniki häsiýetnamalary-da könelip ugraýar» diýip, hünärmen aýtdy.

Iksanowanyň sözlerine görä, gulaklyklary hem ikiden dört ýyla çenli ulanylandan soňra çalyşmak ýerliklidir. Ol simli gulaklyklary uzak ulansa boljakdygyny, emma simsizleri welin, iki-üç ýyldan akkumulýatorynyň könelmegi sebäpli çalyşmagy maslahat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň