Garagum sährasynda awtomobil sportunyň «Ralli-reýd» görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Awtoulag sporty federasiýasyndan, Içeri işler ministrliginden we «Türkmenawtoulaglary» agentliginden sürüjileri gatnaşdy.
Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, geçirilen ýaryş üçin Garagum sährasynyň Bäherden etrabynyň çägindäki 143 kilometrlik ýoly saýlanyp alyndy. Ýaryşyň ilkinji gününde 33, ikinji gününde bolsa 110 kilometrlik menzil külterlendi.
Hemişe bolşy ýaly, bu gezekki «Ralli-reýd» görnüşli ýaryşyň hem her bir pursady gyzykly bäsdeşlige baý boldy. Netijede bolsa Türkmenistanyň Awtoulag sporty federasiýasynyň wekili, halkara ýaryşlaryň, şol sanda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ençeme baýraklarynyň eýesi Maksatmyrat Daňatarow «Nissan Patrol» ulagy bilen Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy başardy.
Onuň topardaşy Meýlis Abdyllaýew bolsa şol kysymly ulagda pellehana ikinji orunda geldi. Milli ýaryşda öňdäkileriň ilkinji üçlügini bu federasiýanyň başga bir wekili Ýolaman Abaýew «Mitsubishi L200» ulagy bilen jemledi.