Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar

11:1013.03.2023
0
34655

Türkmenistanda

1. 15-nji martda Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler. Çärä Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň agzalary bolan döwlet we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň we Tatarystanyň dürli pudaklarda işleýän kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşarlar.

2. Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy belleniler. 17 – 23-nji mart aralygynda birleşmäniň gazananlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär, onda TSTB-niň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini görkezerler.

3. Ýakyn ýyllarda Daşoguz şäherinde ýedi sany köpgatly iri panelli ýaşaýyş jaýlary gurlar. Bu jaýlar Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda bina ediler. Dört gatly täze binalar 32 we 24 öý üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda bu jaýlaryň ilkinjisiniň gurluşygy başlandy. Gurluşyk işleri «Türkmen çarwa» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

4. «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatda «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileriň kabul edişligini geçirýär. Gyzyklanma bildirýän we talaplara laýyk gelýän şahslar şu salga arzalaryny berip bilerler: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 422, Halkara awtoulag hyzmat merkezi.

5. Italýan arhitektor Matteo Rubinati Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna umumy sapak geçdi. Italiýaly myhman arhitektura, şähergurluşyk we arhitektura gurşawynyň taslamasyny düzmek boýunça bilim alýan türkmen talyplary üçin «Ýagtylygyň derejesi, dizaýnyň adama we daşky gurşawa täsiri» atly mowzuk boýunça umumy sapak geçdi. Rubinati türkmen ýokary okuw mekdebine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milan politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde çagyryldy.

Dünýäde

6. Geçen dynç günlerinde supergahryman hakyndaky «Fleş» serialynyň ahyrky möwsüminiň surata düşürmek işleri tamamlandy. Barri Alleniň keşbini janlandyrýan Grant Gastin öz gahrymany bilen hoşlaşdy. Ol sosial ulgamlarda hoşlaşyk ýazgysyny paýlaşdy we köp ýyllaryň dowamynda edilen yhlasly işler üçin öz kärdeşlerine sagbolsun aýtdy. «Fleşiň» ahyrky bölümi ABŞ-de 24-nji maýda ýaýlyma berler. Geçen tomusda serialyň 13 bölümden ybarat boljak dokuzynjy möwsüm bilen tamamlanjakdygy yglan edilipdi.

7. «Telegram» energiýa tygşytlaýjy täzelenen nusgasyny çykardy. Täzelenen nusga köp energiýa harçlaýan we akkumulýatoryň zarýadynyň derejesini tiz peseldýän animasiýalary we wizual effektleri öçürmäge mümkinçilik berýär. Täze tertibi zarýadyň derejesi kesgitlenen derejä çenli peselende awtomatik usulda açylar ýaly sazlamak mümkindir. Täze mümkinçilikler habarnamalary ibermekde we wideolara tomaşa etmekde hem peýda boldy. Täzelenen nusga gurnamak üçin «Android» binýadynda işleýän enjamlaryň ulanyjylary üçin eýýäm elýeterlidir.

Sport habarlary

8. Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow Rimde geçirilýän Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kg çenli agram derejede kümüş medala eýe boldy. Final tutluşygynda Rahymow britaniýaly Çarli Ýangdan asgyn geldi. Italiýa wekilçilik eden Luka Kajana we ukrainaly Karo Marandýan bürünç medallara eýe boldular. Bu Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän 18 ýaşly Serdar Rahymowyň karýerasyndaky iň gowy netijesidir.

9. 25-nji martdan 1-nji aprel aralygynda Albaniýada geçiriljek ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça dünýä birinjiligine gatnaşýan Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň düzümi mälim boldy. Ýaşlaryň arasynda dünýä birinjiligine Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda Nurbek Azamatow, Perhat Bagtyýarow, Didarbek Jumabaýew we Süleýman Japarow, zenanlaryňkyda bolsa Şabnam Kerimbaýewa, Ogulşat Amanowa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler.

10. Germaniýanyň çempionatynyň 24-nji tapgyr duşuşygynda «Baýer» myhmançylykda «Werderden» 3:2 hasabynda üstün çykdy. «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun duşuşygy ätiýaçdaky oýunçylaryň hatarynda başlady we oýnuň 88-nji minudynda meýdança çykdy. «Baýer» 24 duşuşykda 34 utuk toplap, Germaniýanyň çempionatynyň sanawynda 9-njy orunda barýar. Häzirki möwsümde 28 ýaşly türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy Germaniýanyň Bundesligasynda 14 duşuşyga gatnaşdy we «gol+pas» ulgamy boýunça 3 utuk toplady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň