Bu barada 10-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hem-de şu geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer. Şeýle hem bu senä gabatlanan maslahatda ýurduň telekeçileriniň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawynda göz öňünde tutulan bu serginiň hem-de maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.