Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar

17:2111.03.2023
0
35630

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça oglanlardan we gyzlardan düzülen ýetginjekler ýygyndylary 25-nji mart ― 1-nji aprel aralygynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar.

Çempionatda oglanlar hem, gyzlar hem agram derejeleriniň 20-si boýunça güýç synanyşarlar.

Halkara Agyr atletika federsiýasynyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, dünýä çempionatyna Türkmenistandan 9 türgen gatnaşar.

Has takygy, oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 49 kilograma çenli derejede Nurbek Azamatowyň, 61 kilograma çenli derejede Perhat Bagtyýarowyň, 67 kilograma çenli derejede Didarbek Jumabaýewiň we 96 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Süleýman Jafarowyň çykyşlaryna tomaşa edip bileris.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenistana Şabnam Kerimbaýewa (40 kilograma çenli agram derejesinde), Ogulşat Amanowa (45 k.ç.a.d.), Medine Amanowa (59 k.ç.a.d.), Gülälek Kakamyradowa (64 k.ç.a.d.) we Anamjan Rustamowa (81 k.ç.a.d.) dagylar wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň