Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady

10:0023.11.2024
0
7575
Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady
Surat: kaktus.media

Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigine 90 ýyl doldy, edebiýatçylary bu sene bilen ýurduň Hökümet başlygy Akylbek Žaparow gutlady.

Ol ýazyjylaryň ösüp gelýän nesilleri terbiýelemekdäki hyzmatyna ýokary baha berip, her bir öýde çagalar üçin azyndan 30 sany kitabyň bolmagynyň oňat boljakdygyny nygtady. Döwlet öz nobatynda munuň üçin elde baryny edýär, bu ýyl býujetden kitaplaryň neşir edilmegi üçin 25 million som bölnüp berildi.

«Biziň eserlerimiziň mümkin boldugyça tiz elektron görnüşe geçirilmegi möhümdir. Bu okyjylaryň sanyny artdyrar. Biz eýýäm super-kompýuter satyn alyp, ony sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak üçin döwlet dili boýunça geňeşe berdik. Häzir ýene dördüsini satyn almak üçin gepleşikleri geçirýäris. Men siziň tehnikany milli edebiýatymyzyň ösmegi üçin peýdalanjakdygyňyza ynanýaryn» diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow nygtady.

Döwlet şeýle hem iň oňat eserler üçin edebiýat baýraklarynyň sanyny artdyrmakçy. Olaryň bir bölegini Žaparow Ýazyjylar birleşiginiň ýubileýine bagyşlanan dabarada gowşurdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň