Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda ýurtda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we Türkmenistandan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurduň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergini ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.