Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap awtoulag önümçilik birleşigi bir ýylda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat etdi

13:1831.01.2025
0
12935

2024-nji ýylda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Lebap awtoulag önümçilik birleşigi ýolagçy gatnatmak baradaky meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip, bu babatda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat etdi. Şeýlelikde, kärhana 23 million 244 müň manatlyk işi ýerine ýetirdi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Lebap awtoulag önümçilik birleşiginde ýolagçy gatnadýan we ýük daşaýan awtoulaglar 13 bölüme bölünýär. Olar Lebap welaýatynyň Türkmenabat, Kerki, Magdanly we Köýtendag şäherlerinde ýerleşýärler.

Birleşigiň hünärmenleri halkyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini-de yzygiderli öwrenip durýarlar. Hut şol islegler esasynda Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän şäherdir obalaryň birnäçesine «PAZ-32054» kysymly awtobuslaryň gatnawy ýola goýuldy. Hatda Kerki şäherinden Başsaka we Dostluk ugurlary boýunça-da awtobuslar gatnap başlady. Täze ugurlar açylandan soňra, Lebap awtoulag önümçilik birleşiginiň adyna ýolagçylardan gelip gowuşýan hoşallyk hatlarynyň sany barha artdy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň