Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus holdingi Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoluny gurar, Türkmenistanyň enelerine «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy we beýleki habarlar

11:4206.03.2023
0
48354

1. Russiýanyň «Wozroždeniýe» holdingi Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoluny gurar. Bu awtomobil ýoly köpzolakly bolar. Olaryň çäklerinde degişli gözegçilik enjamlary, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrylar, ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertler dörediler. Şenbe güni holdingiň ýolbaşçysy Igor Bukato Gurbanguly Berdimuhamedowy bu awtomobil ýolunyň çyzgylary bilen tanyşdyrdy.

2. Türkmenistanly eneleriň 285-ne «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Permana gol çekdi. «Ene mähri» diýen hormatly at 2008-nji ýylda döredildi. Bu at sekiz we ondan köp çaga doguran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere dakylýar. Hormatly at dakylanlar durmuş ýeňilliklerinden peýdalanýarlar. Olara diş oturtmak hyzmatlaryndan, jemagat hyzmatlardan, jemgyýetçilik ulaglaryndan mugt peýdalanmak hukugy berilýär.

3. Türkmenistanyň Bilim Ministrligi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde medeniýet we sungat ugurlary boýunça bilim almak üçin seçip alyş işleriniň başlanandygyny yglan etdi. Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ugurly ýokary okuw mekdeplerine ýaşy 35-den geçmedik, umumy orta ýa-da orta hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resminamalaryň kabul edişligi bildirişiň çap edilen gününden 2023-nji ýylyň 13-nji martyna çenli Aşgabatda Türkmen döwlet medeni institutynyň kabul ediş topary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde «Talyp gözeli — 2023» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 21-si gatnaşdy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar özleriniň döredijilik ukyplaryny, dünýägaraýyşlarynyň giňligini, okuwdaky üstünliklerini görkezdiler, şeýle hem aýdymlary we sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da, emin agzalary gyzlaryň türkmen milli tagamlaryny taýýarlamakda hem-de el işlerinde ussatlygyna baha berdiler. Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

5. «Belawiýa» Minsk – Türkmenbaşy ugry boýunça petekleriň iň arzan bahasyny $262,80 möçberinde kesgitledi. Häzirki wagtda Minskden Türkmenbaşy howa menziline uçuşlar hepdede bir gezek sişenbe günleri amala aşyrylýar. Iň pes nyrhly orunlaryň sany çäklidir. Awiapetekleriň bahasy üýtgäp biler.

6. Şu hepdede Aşgabatdan Türkiýede ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyry iberildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýorganlardan, ulular we çagalar üçin gyş eşiklerinden, aýakgaplardan we şahsy arassaçylyk serişdelerinde ybarat 7 tonnalyk ynsanperwer kömegini iberdi. Şeýle hem ýük awtoulaglary arkaly çagalar we ulular üçin sport lybaslary, jinsiler we süpürgiçler (polotensalar) ýüklenen 700-den gowrak guty iberiler.

7. Russiýanyň Orýol we Kursk oblastlary däne we onuň gaýtadan işlenen önümlerini Türkmenistana eksport etdi. Iberilen oba hojalyk ekinleriň sanawyna bugdaý, mekgejöwen, zygyr, raps, arpa, süle, günebakar we soýa girýär.

Dünýäde

8. Adamzat yzygiderli semreýär. Semizlige garşy göreş boýunça Bütindünýä federasiýasynyň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy ol ýa-da beýleki derejede bu keselden ejir çeker. Ähli ýurtlarda artykmaç agramly adamlaryň sany artýar, durmuş derejesi pes sebitlerde bolsa bu ösüş has çaltdyr. Adamzadyň agramyny artdyrmak meýilleri dowam etse, 2035-nji ýyla çenli, takmynan, 4 milliard adam semizlikden ejir çeker.

9. 21 ýaşamagyna az wagt galan Miçiganly Arahis lakamly towuk dünýädäki iň garry diri towuk diýlip yglan edildi. Arahis ene-atasyndan we bir fermada bile ýaşan beýleki öý haýwanlarynyň köpüsinden uzak ýaşady. Arahis 8 ýaşyna çenli yzygiderli ýumurtga berdi, indi bolsa 15 ýaşyndaky gyzy bilen bir kapasada ýaşap, mynasyp derejede dynç alýar.

Sport habarlary

10. Türkmenistanly tennisçiler Ysraýylda geçiriljek 12 ýaşa çenli we ondan kiçi ýaşly çagalar üçin halkara ýaryşynda çykyş ederler. Bäsleşik 5-12-nji mart aralygynda Haýfa şäherinde geçiriler.

11. Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Zelenodolskda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türkmen türgenleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyndan 1-nji apreline çenli Durres şäherinde (Albaniýa Respublikasy) geçiriljek ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar.

12. «Soçi» Russiýanyň Premýer-ligasynyň MIR çempionatynyň 18-nji tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda «SSKA-dan» üstün çykdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden çernogoriýaly hüjümçisi Luka Jorjewiç dubl bilen tapawutlandy. Türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew üçin bu duşuşyk soçilileriň baş tälimçisi hökmünde ilkinji resmi duşuşygy boldy.

13. «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun Bundesliganyň häzirki möwsüminde ikinji pökgisini tora girizdi. Ol «Gerta» toparyna garşy 23-nji tapgyr duşuşygynda tapawutlanmagy başardy. Duşuşyk 4:1 hasabynda «Baýeriň» ýeňşi bilen tamamlandy. Azmun 12-nji minutda Jeremi Frimpongyň pasy bilen hasaby açdy. Şeýlelikde, Azmun yzly-yzyna ikinji oýunda bir pökgi geçirdi. Germaniýanyň çempionatynyň soňky üç oýnunda ol «gol + pas» ulgamy bilen 3 utuk toplady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň