Köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylar

22:0603.03.2023
0
46419

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana şu gün ýurtda ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň barşynda milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa döwlet Baştutanynyň garamagyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurt boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we ondan-da köp çagany dünýä indiren zenanlar, şeýle hem «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.

Bellenilişi ýaly, täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasyny 7-nji martda Aşgabat şäherinde we 8-nji martda welaýatlarda geçirmek meýilleşdirilýär.

Köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanyny gowşurmak çäresi bolsa 7-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçiriler. Şol gün olaryň ählisi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanyny we köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň