Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýä ýene 7 tonnadan gowrak ynsanperwer ýük iberdi

13:5604.03.2023
0
39660

Türkmenistan Türkiýedäki ýertitremelerinde ejir çekenlere ynsanperwer kömegini ibermegini dowam edýär. Şu hepde ynsanperwer ýüküň ýene bir tapgyry Aşgabatdan ugrady.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan ýorganlardan (odeýal), ulular we çagalar üçin gyş eşiklerinden, aýakgap we şahsy arassaçylyk önümlerinden ybarat 7 tonnalyk ynsanperwer kömegi ýüklenen ýük awtoulagy Türkiýä iberildi.

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň habar bermegine görä, ýük awtoulaglary bilen çagalar hem-de ulular üçin sport geýimleri, jinsi we polotensalar gaplanan 700-den gowrak guty Türkiýä eltiler.

Ýatlap geçsek, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazygynda köp sanly adam pidalaryna getiren ýertitremeleri bolup geçdi. Bu ýertitremeleri Türkiýäniň 10 sebitine täsir etdi. Olaryň iň güýçlüleri 7,8 bal ululykda, ondan soňkusy Kahramanmaraş welaýatynda 7,6 bal ululykda bolup geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň