Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş boldy

22:1904.03.2023
0
46327

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň günorta künjegine iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Russiýanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Aşgabadyň günorta künjeginde, Saglyk ýolunyň başlanýan ýeriniň gabat garşysynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäkleri başlanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda töweregi synlap barşyna, Russiýanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen gürrüňdeş boldy.

Işewür duşuşmaga hem-de ýerine ýetirilen we meýilleşdirilýän işler barada hasabat bermäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri indiki ýyl Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini belläp, şunuň bilen baglanyşykly wakalara «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň hem dahyllydygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Russiýanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bu ýerde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, şekil taslamalaryň üsti bilen, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýerine ýetirilýän işler bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerdäki basgançaklaryň hem-de onuň degişli serişdeleriniň oňaýly we amatly bolmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesiniň we täzeçil usullarynyň işjeň ulanylmagyna, diňe ýokary hilli, ýerli, tebigy we howa şertleriniň täsirine durnukly berk serişdeleriň ulanylmagyna mundan beýläk-de ýokary derejede üns berilmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato ýüzlenip, oňa birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Soňra «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamalara laýyklykda, ýollar köp zolakly bolar. olarda gözegçilik ediji kameralar, sanly ulgam ornaşdyrylar. Ýolagçylar we ýük gatnadyjylar üçin hyzmat etmäge degişli ähli döwrebap amatlyklar dörediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, bu ýoluň gurulmagynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, onuň dünýäniň ýol halkasyna goşuljakdygyna, uly magistral ýol boljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýol gurluşygynyň taslamasy amala aşyrylanda, ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň we zerur şertleriň döredilmeginiň ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýandygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi hem-de işler ýerine ýetirilende bilelikde, utgaşykly işlemegi tabşyrdy.

Soňra Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňra suw meselesi barada durup geçdi. Bu ugurdaky meselelerde Türkmenistanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.

Kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň