Soňky habarlar

Arhiw

20 ýaşly towuk dünýäde iň uzak ýaşly diýlip ykrar edildi

12:4204.03.2023
0
47330
20 ýaşly towuk dünýäde iň uzak ýaşly diýlip ykrar edildi
Surat: newsrebeat.com

ABŞ-da pensioner aýalyň öýünde saklaýan towugynyň 20-den gowrak ýaşy bar, ol häzirki ýaşan ýören towuklaryň iň garrysy diýlip yglan edildi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

«Arahis» lakamly towuk 2002-nji ýylyň baharynda doguldy, 2023-nji ýylyň 3-nji martynda ol 20 ýyl 306 gün ýaşady. Ol d’Ýukkla we Nankin belgiýa tohumlaryndan bolan bantam towugydyr.

Onuň eýesi miçiganly Marsi Darwin atly öý hojalykçy aýaldyr, ol towugy doglanyndan bäri idedip gelýär. «Arahis» ilki enesi tarapyndan kabul edilmänsoň, iki ýyllap totuguşlaryň kapasasynda ýaşady, soňra ony towuk ketege göçürdiler.

Marsi towugyň hojalykdaky öý guşlaryndan, itlerdir pişiklerden hem uzak ýaşandygyny gürrüň berýär. Onuň towugy adaty bolmalysyndan hem iki ýyl uzak wagtlap ýumurtga getirdi, häzir Arahis öz gyzy, 15 ýaşly Milli bilen öýde, bir kapasada gyşy geçirýär.

Ýeri gelende aýtsak, towuklar ortaça 5-10 ýyl ýaşaýarlar. Öň iň uzak ýaşan öý guşy Maffi lakamly towuk bolup, ol 23 ýyl 152 gün ýaşady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň