Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana sapary tamamlandy

21:2502.03.2023
0
40135

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy. Bu barada «APA» habar berýär.

2-nji martda günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana dolanmak üçin Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menziline bardy. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde ýokary mertebeli myhmanyň hormatyna Azerbaýjanyň hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýubow hem-de ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow hem-de beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Ozal habar berşimiz, şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde COVID-19 bilen göreşmek boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň Aragatnaşyk toparynyň Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşyp, birnäçe teklipleri özünde jemleýän çykyş etdi. Mundan başga-da, Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň