Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti öz işine başlady. Oňa 70-e golaý ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar diýip, «APA» habar berýär.
Habar berlişi ýaly, sammite 5 ýurduň — Türkmenistanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Özbegistanyň, Yragyň hem-de Liwiýanyň Prezidentleri, üç ýurduň — Kubanyň, Gabonyň, Tanzaniýanyň wise-prezidentleri, Alžiriň we Keniýanyň premýer-ministrleri, dürli ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň Prezidenti Çaba Kereşi, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Halkara Migrasiýa Guramasynyň baş müdiri Antonio Witorino, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş müdiri Tatýana Walowaýa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Baş sekretary Husraw Noziri we beýlekiler, ministrler, ministrleriň orunbasarlary hem-de ilçiler gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň paýtagtyna şu gün irden bardy. Serdar Berdimuhamedowy Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Bu forum Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 2019-njy ýyldan soňra ähli wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.
1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.