Serdar Berdimuhamedow Bakuwa sapar bilen bardy

10:1302.03.2023
0
49983

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti geçirilýär. Sammite gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baku şäherine bardy.

Türkmen wekiliýetini Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Azerbaýjan elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowyň sammitiň dowamynda çykyş etmegine garaşylýar.

Bu forum Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 2019-njy ýyldan soňra ähli wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň