Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň Bakuwda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

19:4701.03.2023
0
31261

Ertir – 2-nji martda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammiti geçiriler. Bu forum Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 2019-njy ýyldan soňra ähli wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

«APA» azerbaýjan habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu sammite gurama agza döwletlerden, halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

1961-nji ýylda döredilen Goşulyşmazlyk Hereketi häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň