Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşdy.
«Trend.az» elektron neşiriniň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda çykyş edip, Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça öňe sürýän garaýyşlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, deňligi we adalaty öňe sürýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň maksatlary pandemiýa garşy göreşde möhüm ähmiýete eýe bolup, söwda gatnaşyklaryny dikeltmekde we pandemiýany ýeňip geçmek üçin netijeli guraly döretmekde uly orna eýedir.
Çykyşynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow täze howplaryň öňüni almaga kömek edip biljek patogenleriň ýeke-täk maglumat toplumyny döretmäge, şeýle-de halkara jemgyýetçiligini COVID-19 ählumumy pandemiýasyna garşy göreşde BSGG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýokanja garşy göreşi diňe parahatçylyk we birek-birege bolan ynanyşmak medeniýetiniň ýokarlanmagy netijesinde üstünlikli alyp baryp boljakdygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, ýurtlaryň parahatçylygyň ýola goýulmagyna we jedelli ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna goşant goşmagyna umyt bildirdi.