Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýew bilen duşuşdy

15:1202.03.2023
0
48047
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýew bilen duşuşdy
Surat:president.az

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşdy.

Sammit öz işini tamamlandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Ilham Aliýew bilen özara duşuşygy geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine, görä, ikiçäk duşuşygyň dowamynda ýokary derejede geçirilen sammitiň dowamynda öňe sürlen tiklipler, şeýle-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan köp ugurly strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine çagyrylanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýandygyny, şeýle hem onuň çäginde pandemiýa garşy göreşe aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Prezident Ilham Aliýew sammitiň mejlisine gatnaşandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi we bu sammitde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilikleriň dörändigini belledi. Şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine hemişe aýratyn üns berýändigini, ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejededigini we medeni-ynsanperwe ugurlardaky gatnaşyklaryň ösýändigini nygtady.

Iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky örän ýakyn syýasy gatnaşyklaryň berk binýatlara esaslanýandygyny bellän Prezident Ilham Aliýew, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň energetika, pagta ösdürip ýetişdirmek, ulag, maýa goýumlary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ilham Aliýew Azerbaýjanyň ulag we üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini artdyrýandygyny, munuň geljekde Türkmenistandan harytlary ýurduň çäginden daşamak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň