Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulag sürüjisi ýaşaýyş zolagynda nähili hereket etmeli

09:2625.02.2023
0
50194

Sürüjileriň köpüsi ýaşaýyş jaýly ýerlere ýa-da öz ýaşaýyş jaýlarynyň çägine girip ýol hereket kadalaryna eýermäge arkaýyn çemeleşýärler. Bu ýagdaýlarda hereket düzgünleriniň bozulmagy hem jerime çärelerine getirip bilýär.

Ýaşaýyş zolaklaryna ýaşaýjylaryň gezelenç etmegi, güýmenmegi hem-de dynç almagy üçin niýetlenen ýerler, jaýlaryň öňleri we howlular degişlidir. Mälim bolşy ýaly, jaýlara golaý köçelerde, şeýle-de sowa ýerleşen ýerlerde çagalar oýnaýarlar, ýaşuly adamlar gezelenç edýärler. Bu bolsa sürüjilerden degişli ýeriň çoladygyna garamazdan, düzgüne görä hereket etmegi, seresaplygy talap edýär.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hünärmenleri bu babatda jaýlara ýakyn çola ýerlerde sürüjiniň awtoulagy dolandyrmagynyň birnäçe düzgünleri barada belleýär:

1. Ýaşaýjyly ýerlerde pyýadalaryň hereketiniň mümkinçilikleriniň öňde durýandygy sebäpli, olar ýanýodadan hem-de ýoluň geçelgeli ýerlerinden geçip bilýärler. Emma şeýle-de bolsa, olar ulag serişdeleriniň hereketine päsgelçilik döretmeli däldirler.

2. Sürüjilere ýoly gysgaltmak ýa-da dyknyşykdan tiz geçmek maksady bilen ýaşaýyş zolagynyň içinden gönümel geçmek gadagan edilýär.

3. Ulag serişdeleriniň sürüjilerine ýaşaýyş ýerlerinde ulag dolandyrmagy öwrenmek taýýarlygyny ýa-da ýaş sürüjileri taýýarlamagy geçmek gadagandyr. Sebäbi munuň üçin ýörite taýýarlyk geçmäge niýetlenen ýerler ýa-da az hereketli köçeler bardyr. Hatda ýaşaýyş ýerlerinde ulagy hereketlendirijisini işledip 5 minutdan artyk goýmak hem maslahat berilmeýär ( bu wagt ulagy gyzdyrmak üçinem ýeterlikdir).

Şeýle-de ýaşaýjyly zolaklarda ýörite belgi goýulmazdan agramy 3,5 tonnalyk ýük ulagyny goýmak gadagan edilýär.

4. Ýaşaýyş zolagyndan çykan mahaly sürüjiler hökmany suratda beýleki ýol hereketine gatnaşyjylara ýol bermelidir.

5. Ýaşaýjyly ýerlerden ýa-da jaýlaryň howlularynyň çäginde ulaglaryň tizligi 20km/sag-dan ýokary bolmaly däldir.

6. Ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ulagyň ýagyny çalyşmak, hereketlendirijini bejermek we awtoulagy ýuwmak gadagandyr. Sebäbi bu ýagdaý hereket edýän kanunçylyga laýyk gelmeýär.

7. Jaýlara ýakyn ýerlerde ulagda batly signallary bermek, gije mahaly, şeýle-de gündiz dynç alynýan wagtlary awtomagnitofony ýokary sesde açmak gadagandyr.

8. Düzgün bozulmanyň iň howply görnüşlerinden biri-de — tiz kömek ulagynyň ýolunda ulagy goýup, ony goýbermezlikdir. Çünki sürüjiniň bu hili hereketi tiz kömek ulagynyň kömege barýan hassasynyň saglyk ýagdaýynyň beterleşmegine sebäp bolup biler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň