Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjileriň özüni alyp barmagynyň düzgünleri barada gürrüň berdi

16:5402.02.2023
0
30143

Ulag dolandyrýan adamlaryň köpüsi sürüjiligiň medeniýetini bilýär we ýol hereketiniň kadalaryna eýerýär. Emma bu olaryň sürüjiniň özüni alyp barmagynyň düzgünlerine doly düşünýändigini hem aňlatmaýar. «Sürüjiligiň medeniýeti» ýa-da «Mylakatly sürüjiniň düzgünleri» diýen ýaly düşünjeler sürüjiler üçin duýduryş, haýyş etmek we minnetdarlyk yşaratlarynyň käbir ýagdaýlaryny nazarda tutýar. Oňa laýyklykda, sürüjiler biri-birlerine çyralaryň, signallaryň, elleriň kömegi bilen, ýagny ýörite yşarat dilinde ýardam edýärler. Bu wagty tygşytlamaga we ýagdaýyň durnuklylygyny kadaly saklamaga ýardam edýär.

Bu babatda sürüjiligiň medeniýeti hem-de ýolda ulag dolandyrylanda özüňi alyp barmagyň düzgünleri dogrusynda gürrüň bermek haýyşy bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hünärmenine ýüz tutduk.

Köp adamly ýollarda beýleki sürüjilere kyn ýagdaý ýüze çykan mahaly kömek etmän geçmek mümkin däl, bu hili ýagdaýda birek-birege mylakatly bolmak zerurdyr. Ýol ulag hadysasy ýüze çykan halatynda has çylşyrymly kynçylyklardan şeýdibem gaça durulýar. Hut şonuň üçinem, sürüjilik etikasynyň käbir düzgünleri bilen tanyşmaly.

1. Ýolda siziň artykmaçlygyňyz bar bolsa, şu ulaglara ýol bermelidir: ulag akymynda dar ýerde galan ulaga; haýsydyr bir ýagdaý zerarly hatarynda gaýtadan ýola düşmäge mejbur bolan ulaga; tejribesiz sürüjilere. Ýol üýtgetmeli bolsaňyz, beýleki sürüjilere duýdurmak bilen zerur bolan öwrüm çyrasyny ýakyň.

2. Ýol yşaratlary

  • Eger-de siz öňden barýan ulagy ozup geçmek isleseňiz, öňüňizdäki sürüji öwrüm çyrasyny ýakýar: eger ol çep tarapy görkezýän çyrany ýaksa, geçmegiň mümkin däldigini aňladýar, sebäbi bu ýagdaýda garşy ugurdan ulag gelip biler. Eger öňdäki sürüji sag öwrüm çyrasyny ýaksa, onda geçmegiň mümkindigini aňladýar.
  • Çyralaryň daş aralyk ýygylygynda ýakylmagy: geçirmegiň haýyş edilýändigini aňladýar, beýle ýagdaýda dyknyşyk mahaly gapdaldan ýa-da gönüden size ýol bererler.

Awariýa duýduryşy

  • Birnäçe gezek çyrany gyrpmak — Minnetdarlyk bildirmegi aňladýar. Şeýdip siz başga sürüjä sagbolsun aýdyp bilersiňiz we jogap hökmünde gysgaça signal eşidersiňiz. Bu bolsa beýleki sürüjiniň sizden hoşaldygyny beýan edýär.
  • Siziň öňüňizden barýan sürüji birbada «Awariýa» çyrasyny ýaksa, ol şu manylary aňladyp biler:
    a) Öňde howpuň bardygy ýa-da ýol ulag hadysasynyň ýüze çykandygy;
    b) Garşydan gelýän ulagyň çyrasynyň ýagtylygynyň sürüjä päsgelçilik döredýändigi.

4. Pyýadalary geçelgesiz ýerden geçen mahallary hem goýberiň. Olaryň bu ýagdaýda sizi ozup geçjek ulag bilen heläkçilige uçramagy ahmaldyr.

5. Köp ýaşaýjyly ýerlerde, aýratynam gije signal bermeli däldir. Bu ýarawsyzlary we dynç alýan adamlary biynjalyk eder.

6. Düzgüne laýyklykda, sürüji ulagy dolandyrýan mahalynda iki elini hem rulda saklamalydyr. Diňe haýsydyr bir ulagyň sürüjisine zerur ýagdaýda bir el bilen yşarat etmek mümkindir:

  • Eger beýleki sürüji size elini ýoluň gyrasyna görkezip yşarat edýän bolsa, siziň ulagyňyzda näsazlyk bardygynyň almaty;
  • Eger ol ellerini tegeläp yşarat edýän bolsa, siziň tekeriňiziň goýberýändigi;
  • Garşydan gelýän ulagyň sürüjisi elini ýokary galdyrsa, onuň size yşaradyňyz üçin minnetdarlyk bildirýändigi;
  • Eger siz bagažnigi ýapmagy ýatdan çykaran bolsaňyz, muny duýdurmak üçin ugurdaş ulag deňiňize ýetip eli bilen howany urýan ýaly edip yşarat görkezer.

Täsin ýeri, Ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynda şu hili ýol duýduryşlary başgaça manyny berýär. Mysal üçin, Germaniýada we Günorta Afrika Respublikasynda sürüjiniň bildirýän «Okeý» diýen yşaraty «Sen — nol» diýen manyny aňladýar. Ozal bu barada bilmeýän bir sürüji şeýle yşaraty polisiýa işgärine görkezip, tas tussag edilen eken.

Gresiýada ýerli sürüjiler örän emosional bolup, olar geleňsiz sürüjini kemsitjek mahallary birden ellerini aşak goýberýärler. Fransuz sürüjiler bolsa minnetdarlygyň nyşany hökmünde açyk duran ellerini galgadýarlar.

Jemläp aýdylanda, ýokarda bellenilen düzgünler ýol hereketiniň kadalaryna girýär we olaryň bozulmagy üçin jerime tölenip bilner. Ýöne ählisinden wajyby bolsa — ýollarda ulag dolandyrylanda özüňi alyp barmagyň düzgünlerine we sürüjiligiň medeniýetine eýermek biziň jan saglygymyzyň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Peýdalanylan çeşmeler: voditeliauto.ru; pulse.mail.ru; factroom.ru; olade.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň