Özbegistanyň ulag ministrligi halkara ugurlaryny diwersifikasiýa etmek we ýük daşamak üçin alternatiw ulag geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe iş alyp barýar. Şunda ulag geçelgeleriniň käbiri Türkmenistanyň çäginden geçer.
Bu üstaşyr geçelgeler daşary söwda amallarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu barada «nCa» ýurduň ulag ministri Ilhom Mahkamowa salgylanyp habar berdi.
Şunda Türkmenistan — Eýran — Türkiye — Ýewropa Bileleşigi hem-de Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa ýaly ugurlar esasy ulag geçelgeleri hasaplanýar.
Täze ugurlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin Özbegistan birnäçe çäreleri görýär. Belgiýa, Ermenistan, Serbiýa, Norwegiýa, Horwatiýa, Albaniýa bilen ýol ulaglary boýunça täze halkara şertnamalary baglaşmak, şeýle hem Hytaý, Eýran, Belarus, Ukraina, Moldowa we Rumyniýa bilen bar bolan şertnamalara täzeden garamak meýilleşdirilýär.
Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirjek we harytlaryň geçişini çaltlaşdyrjak «ýaşyl geçelgeler» ulgamynyň ornaşdyrylmagy hem-de ulag resminamalarynyň özara ykrar edilmegi-de göz öňünde tutulýan çäreleriň hataryndadyr.